POLESYE DOWLET UNIWERSITETI

Polesýe döwlet uniwersiteti Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 5-nji aprelinde çykaran Permany esasynda Pinsk döwlet ýokary bank kolležiniň we Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň binýadynda döredildi.
Ol häzirki günde Polesýe etrabynyň uly bilmi, ylmy we medeni merkezidir. Uniwersitet köp ugurly we köp basgançakly: uniwersitete çenli taýýarlaýyş, ýokary we ýokary bilimden soňky ýaly professional taýýarlaýyş  programmalaryny amala aşyrýar. Uniwersitetde 3790 adam: 2442 – gündizki bölümde, 1348 – gaýybana görnüşde bilim alýar. Taýýarlaýyş işleri dört fakultetde 16 hünär we 19 ugur boýunça alnyp barylýar.

Bank işi fakulteti talyplary okatmak işini gündizki we gaýybana görnüşde indiki hünär we ugurlar boýunça alyp barýar:
«Maliýe we kredit», hünäri: «Maliýe» we «Bank işi»;
«Buhgalter hasaby, analiz we audit» hünäri: «Senagatda buhgalter hasaby, analiz we audit»;
«Informatika ulgamlary we tehnologiýalary» hünäri: «Maliýe – kredit ulgamynyň informatika tehnologiýalary».
Şeýle-de bu fakultetde:
«Maliýe we kredit»;
«Buhgalter hasaby we statistika»;
«Buhgalter hasaby, analiz we audit» ugurlary boýunça magistrler taýýarlanylýar.
Fakultetde taýýarlaýyş işini bäş sany kafedra:
Bank işi;
Maliýe;
Buhgalter hasaby, analiz we audit;
Ýokary matematika we informasiýa tehnologiýalary;
Daşary ýurt dilleri we «Maliýe we bank işi pudak ylmy-barlag» laboratoriýasy, şeýle-de «Okuw-türgenleşik banky» laboratoriýasy alyp barýarlar.



Ykdysadyýet fakulteti talyplary okatmak işini indiki ugurlar boýunça alyp barýar:
«Kärhana ykdysadyýeti we dolandyryş», hünärleri: «Senagat kärhanasynyň ykdysadyýeti we dolandyryş» we «Oba – hojalyk toplumyndaky kärhana ykdysadyýeti we dolandyryş»;
«Marketing», hünäri: «Senagat kärhanalarynyň marketingi»;
«Syýahatçylyk we myhmansöýüjilik».
Fakultet:
«Ykdysadyýet we halk hojalygyny dolandyrmak»;
«Biznes we edara etmek»;
«Ykdysadyýet we kärhana dolandyryşy»;
«Marketing» ugurlary boýunça magistrleri taýýarlaýar.
Fakultetiň düzümine dört fakultet girýär:
Kärhana ykdysadyýeti;
Menejment;
Ykdysadyýet nazaryýeti;
Ynsanperwerlik ylymlary, filosofiýa we hukuk we iki laboratoriýa:
Ekoagroturizmiň YBL;
«Biznes merkeziniň» laboratoriýasy.

2007-nji ýylda Bedenterbiýe fakulteti döredilip, 2008-nji ýylda fakultetiň ady Ýaşaýşyň sagdyn şekiliniň gurnalyşy fakulteti diýlip üýtgedildi.
Fakultet indiki hünärler boýunça talyplary taýýarlaýar:
«Bedenterbiýe»;
«Sagaldyş we uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe»;
«Saglygy dikeldiji bedenterbiýe we ergoterapiýa»;
«Sport – mugallymçylyk işi».
Fakultet magistrleri «Beden taýdan kämilleşmegiň, sport bilen meşgullanmagyň, sagaldyjy we uýgunlaşdyryjy beden terbiýäniň nazaryýeti we amallary» hünäri boýunça taýýarlaýar.
Fakultetiň düzümine üç kafedra:
Umumy we kliniki medisina;
Bedenterbiýe we sport;
Sagaldyjy we uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe, Bedenterbiýe we sport merkezi, şeýle-hem Okuw-medisina merkezi we longitudinal (uzakmöhletli) barlaglaryň ylmy-barlag laboratoriýasy girýär. 
Iň ýaş, 2010-njy ýylda döredilen Biotehnologiýa fakulteti indiki hünärler boýunça talyplary taýýarlamak işini alyp barýar:
«Biologiýa»;
«Bag – seýilgäh  gurluşygy»;
«Balykçylyk senagaty».
Fakultetiň düzümine dört kafedra:
Biotehnologiýa;
Biologiýa;
Landşafty proýektirlemek;
Balykçylyk we balyk önümlerini gaýtadan işleýiş senagaty we üç sany ylmy-barlag laboratoriýasy:
Oba-hojalyk biotehnologiýasynyň YBL;
Balyk hojalygy bölümli önümçilik biotehnologiýasynyň YBL;
Ösümlikçilikdäki öýjükli tehnologiýanyň YBL girýär.
Fakultetlerdäki ylmy-balag laboratoriýalary geçirilýän ylmy gözleglere talyplary we aspirantlary güýçli depginde gatnaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Uniwersitetde Hünäri ýokarlandyrmak we kadrlary täzeden taýýarlamak fakulteti şu ugurlar boýunça hereket edýär:
«Bank işi»;
«Edara ýolbaşçylygy»;
«Türgenleşik işi».

Talyplaryň ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça 2008-nji ýyldan bäri uniwersitet ydysadyýet ugry boýunça GDA düzümine girýän ýurtlaryň güýçli ÝOJ-larynyň onlugyna girýär.

OKUW TÖLEGI WE BEÝLEKI HARAJATLAR:

2015/16 okuw ýyly üçin okuw tölegi – 2200$.
Magistraturada okuw tölegi bir ýyl üçin – 2200$.
Rus dili kurslarynyň (zerur bolanda) 15-20 adamdan ybarat toparda 840 sagat üçin – 1160$.
Bäş sany kaşaň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ýaşaýyş tölegi bir aýda – 35$.
Belarus Resbuplikasynda wagtlaýyn ýaşaýyş üçin hasaba alşyň bir ýyl üçin tölegi – 40$.